ABŞ-ly alymlar derman serişdelerini keseliň göni ojagyna eltmegiň täze usulyny oýlap tapdylar

  • 25.06.2024 13:40
  • 4.5k+

Ýuta uniwersitetiniň (ABŞ) alymlary ultrases arkaly işjeňleşdirilýän nanodamjalary  ulanyp, derman serişdelerini maksatly ýerine eltmegiň täze usulyny oýlap tapdylar. Bu usul, dermanyň zyýanly täsirlerini azaldyp, işjeň maddany keseliň ojagyna göni eltmäge mümkinçilik berýär.

Amerikaly alymlar tarapyndan işlenip düzülen nanodamjalaryň diametri 470-550 nanometr bolup, iki gatlakdan: gidrofilden (daşky) we gidrofobdan (içki) durýar. Nanodamjanyň içinde dermanyň molekulalary bilen garylan gidrofob perftorugleroddan ybarat özen bolýar.
Nanodamjalary işjeňleşdirmek üçin ultrases ulanylýar. Ses tolkunynyň täsiri bilen suwuk perftoruglerod gaza öwrülýär, ol nanodamjanyň gabygyny sozup, onda öýjükleri emele getirýär. Şol pursat derman nanodamjadan çykýar-da, zeper ýeten dokuma düşýär.
Usulyň täsirliligi maýmynlarda synag edildi.
Derman serişdelerini degişli ýerine eltmegiň täze usuly, ruhy we newrologiki sökelleri hem öz içine almak bilen, dürli keselleri bejermekde ulanylyp bilner. Alymlar bu usul işjeň maddanyň dozasyny azaldyp, bejergini has ygtybarly we täsirli eder diýip bellediler.
Barlagyň netijeleri Frontiers in Molecular Biosciences žurnalynda çap edildi.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....