Özbegistana syýahatçylyk akymy boýunça Türkmenistan ilkinji bäşlige girýär: 5 aýda 53,8 müň syýahatçy

  • 24.06.2024 15:33
  • 10k+

2024-nji ýylyň ilkinji bäş aýynda 2,8 million daşary ýurtly raýatlar syýahatçylyk maksady bilen Özbegistana geldi. Bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 9,6% köp. Bu barada, Özbegistanyň statistika gullugy habar berýär.

Syýahatçylaryň sany boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary ilkinji orunlary eýeleýärler: Täjigistan (871,5 müň), Gyrgyzystan (857 müň) we Gazagystan (498,2 müň). Ondan soň Russiýa (289,6 müň).
Türkmenistandan goňşy ýurda syýahatçylyk maksady bilen 53,8 müň raýat bardy.
Özbegistana işjeň sapar edýän beýleki ýurtlary belläp geçeliň:

  • Türkiýe (42,1 müň)
  • Hindistan (23,2 müň)
  • Hytaý (22,8 müň)
  • Italiýa (15,3 müň)
  • Günorta Koreýa (15.1 müň)

Syýahatçylyk akymynyň ösüşi Özbegistanyň syýahatçylykda özüne çekijiligini görkezýär. Baý taryhy, tapawutly medeniýeti, myhmansöýerligi we ýatdan çykmajak täsirleri - bularyň hemmesi dünýäniň dürli künjeklerinden syýahatçylary özüne çekýär.


25.06.2026 23:36
5.5k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......