Özboluşly aýratynlyklara eýe bolan “aýna görnüşli gel” döredildi

  • 23.06.2024 15:05
  • 6.3k+

Demirgazyk Karolina uniwersitetiniň alymlary aýna polimerleriň we gelleriň häsiýetlerini özünde birleşdirýän täze “aýna görnüşli gel” döretdiler. Nature ylmy žurnalynda çap edilen makalada aýdylyşyna görä, ol 50% suwdan ybarat, ýokary derejede berk, çeýe we bugarmaýar.

Aýna görnüşli gel asyl ululygynyň 5 essesine çenli süýnüp bilýär we gyzdyrylanda aňsatlyk bilen ýene öňki kaddyna gelýär. Mundan başga-da, onuň ýokary elektrik geçirijilik we ýelmeşijilik häsiýeti bar. Düzüminde suwuklygyň mukdarynyň köpdügine garamazdan, aýna gel bugarmaýar we guramaýar.
Şeýle materialyň öndüriliş prosesi gaty ýönekeý we adaty aýna görnüşli polimerleriň suwuk prekursorlaryna ion suwuklygyny goşmakdan, soňra bolsa ultramelewşe şöhleleriň täsir etdirilmeginden ybarat.
Üýtgeşik häsiýetleriň utgaşmasy sebäpli aýna gel elektronikadan başlap, biomedikal materiallara çenli dürli ugurlarda ulanmak üçin giň mümkinçiliklere eýedir.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....