Beýnini öwrenmek üçin çäge zerresiniň ululygyndaky simsiz datçik işlenip düzüldi

  • 21.06.2024 14:14
  • 8.9k+

Huaçžun Ylym we Tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary beýnä ornaşdyryp bolýan, çäge zerresiniň ululygyndaky bioutgaşykly simsiz datçigi döretdiler. Bu täzelik barada  Nature žurnalynda habar berildi.

Bu gidrogel datçigi implantasiýa etmek üçin çylşyrymly operasiýa gerek däl we ol beýnimizdäki temperaturanyň, basyşyň, pH derejesiniň we gan akymynyň üýtgemelerine gözegçilik etmäge ukyply.
Simsiz gurluşy we biodargama ukyplylygy sebäpli datçik saglyk üçin howpsuzdyr we kelle-beýni şikesli, rak ýa-da beýleki newrologiki keselli näsaglara gözegçilik etmekde ulanylyp bilner.
Üstesine, kiçijik gel kubjagazlary dört aýdan soň fiziologiki erginde doly eräp, bäş hepdeden soň beýnide dargaýar.
Haýwanlarda geçirilen synaglar datçigiň ýokary netijelidigini görkezdi, kindiwanja  ölçegi we simleriniň ýokdugy ony beýni barlaglary üçin iň oňat gural edýär.
Indi hünärmenler ony adamlarda synag etmezden ozal, datçikler döwlende emele gelýän galyndylaryň zyýanly däldigini ýa-da olaryň bedeniň beýleki ýerlerinde ýygnanyp biljegini-bilmejegini barlamalydyrlar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....