Alymlar oňurgalylaryň el-aýaklaryny täzeden dikeltmek ukybyny nädip ýitirendiklerini anykladylar

  • 18.06.2024 16:05
  • 13k+

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Bioorganiki  himiýa institutynyň Döwlet ylmy merkezi we Pirogow adyndaky Russiýa Milli lukmançylyk-barlag uniwersitetiniň embrionogeneziň molekulýar esaslary barlaghanasynyň alymlary ýokary derejeli oňurgalylarda el-aýaklaryň täzeden dikelmek ukybynyň ýitmeginiň olaryň ýerüsti ýaşaýşa geçmegi bilen baglanyşyklydygyny anyklady.

Barlagçylar bu ukyby bolan anamniotlarda (balyklarda we ýerde-suwda ýaşaýanlarda) we ony ýitiren amniotlarda (süýrenijiler, guşlar we süýdemdirijilerde) gaýtadan dikelmegiň genetiki mehanizmlerini deňeşdirdiler. Görlüp oturylsa, gury ýere çykmaklary oňurgalylaryň genomyna täsir eden deriniň gatamagy, endotermiýa we uýgunlaşma immuniteti ýaly, täze uýgunlaşma mehanizmleriniň ösmegine sebäp bolupdyr.
Alymlar bu uýgunlaşmalaryň ösüşiniň anamniotlarda gaýtadan dikeldişiň irki döwründe gatnaşan genleriň ýitmegine sebäp bolandygyny çaklaýarlar. Bu el-aýaklaryň embrional ösüşine täsir etmese-de, ýokary derejeli oňurgalylary ömrüniň dowamynda täzeden döremek ukybyndan mahrum etdi.
Barlagçylar adamlarda ýitirilen el-aýaklary dikeltmek üçin iň geljegi uly çemeleşmäniň düwünçejik başlangyçlarynyň analoglaryny döretmekdigini bellediler. Muny dokuma inženerligi we öjükdirilen sütün öýjükleri arkaly gazanyp bolar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....