Saud Arabystany ägirt uly merjen bagynyň taslamasyny hödürledi

  • 18.06.2024 09:50
  • 14k+

Saud Arabystany ägirt uly taslamalary bilen dünýäni haýran galdyrmagyny dowam edýär. Patyşalyk bu gezek dünýäniň iň uly merjen bagyny döretmegi meýilleşdirýär.

Şuşa taslamasy Şa Abdullah adyndaky Ylym we Tehnologiýalar Uniwersiteti hem-de NEOM çäkleri ösdürmek gullugy bilen bilelikde durmuşa geçiriler. Ol diňe bir barlaglar merkezini däl, eýsem ajaýyp suwasty merjen gaýalar bagyny hem öz içine alýar.


Bagyň gapdalynda kaşaň myhmanhanalar, willalar, suwa düşülýän kenar we muzeý gurlar. Taslama Amerikanyň Gensle binagärlik studiýasy tarapyndan işlenip taýýarlanýar.
Munuň özi Saud Arabystanynyň soňky ýyllarda durmuşa geçiren ilkinji mega taslamasy däldigini bellemelidiris. Mundan ozal patyşalygyň çölüň ortasynda akwapark, ägirt uly asma howuz we dünýäniň iň uly howa menzilini gurmak baradaky meýilnamalarynyň bardygyny aýdyp geçipdik.


05.06.2026 21:38
6.8k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
6.9k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......

01.06.2026 13:04
3.1k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.9k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......