Saud Arabystanynda dünýäde iň uly howa menzili gurlar

  • 11.04.2024 15:04
  • 20k+

Saud Arabystanynda ýene bir ägirt uly taslama durmuşa geçirilip başlandy. Overclockers.ru-nyň ýazmagyna görä: ýurtda patyşa Salman adyndaky täze halkara howa menzili gurlar we ol ýolagçy sany boýunça dünýäde iň ulusy bolar.

Howa menzili 2030-njy ýyla çenli ýylda 120 million ýolagçy, 2050-nji ýyla çenli bolsa 185 million ýolagçy kabul eder diýlip garaşylýar.
Aeroportda 4 terminal, 6 sany uçuş-gonuş zolagy, welosiped ýollary we baglar bolar. Bu taslama patyşalygyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmek we nebit eksportyna garaşlylygyny azaltmak strategiýasynyň bir bölegi bolar. Häkimiýetler ýokary tehnologiýaly senagata we syýahatçylyga has köp üns bermek isleýärler.
Saud Arabystanyň häkimiýetleri täze howa menzili açylandan soň uçuşlaryň sanyny ýylda 210 müň bolanlygyndan bir milliondan hem geçirip köpeltmegi meýilleşdirýär.
Häzirki wagtda dünýäniň iň "ýüki ýetik" howa menzili ABŞ-nyň Atlanta şäherindäki Hartsfild-Jekson halkara howa menzili (ATL) bolmak bilen, ol ýylda 93,7 million ýolagça hyzmat edýär.


düýn 01:05
3.7k+

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy......

17.06.2026 23:58
2.9k+

Hindistan ýoň bolan elektron wiza bilen ýurda girmegiň san çäklendirmesini ýatyrdy

Hindistan 30 günlük syýahatçylyk elektron wizasy bilen ýurda girmegiň sanyna goýlan çäklendirmäni ýatyrdy. Indi şeýle wizanyň eýeleri onuň möhletiniň dowamynda ýurda isledikleriçe gelip bilýärler....

16.06.2026 23:15
4.1k+

Pariziň iň köne köprüsini uly gowaga öwürdiler: indi ol köpçülik üçin açyk

Fransuz suratkeşi JR Pariziň iň köne köprüsini uly göwrümli çeperçilik giňişligine öwüren «Pon-Nýof gowagy» atly gurnamasyny köpçülik üçin açdy. Bu desgany görmek mugtdyr we ol 28-nji iýuna çenli dowam eder....

10.06.2026 16:40
3.1k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......