ABŞ 5 – 15 müň dollar girewine wiza berip başlar

  • 06.08.2025 17:46
  • 11k+

ABŞ her bir arza beriji üçin 5 müň dollardan 15 müň dollara çenli möçberde girewine wiza bermegiň 12 aýlyk synag maksatnamasyny işe girizýär. Ol resminamalarynyň möhletini geçirýän syýahatçylar bilen göreşe gönükdirilendir diýlip, Döwlet departamentiniň federal sanawda hödürlenen resminamasynda aýdylýar.

Bellenilişi ýaly, bu çäre wiza režimini ýygy-ýygydan bozýan ýurtlardan B-1 (iş saparlary) we B-2 (syýahatçylyk) kategoriýalarynyň wizalary üçin ýüz tutýan adamlara degişli bolar. Şeýle ýurtlaryň sanawy getirilmeýär.

“Konsul işgärleri arzalary gözden geçirmegiň netijesine görä $5 000, $10 000 ýa-da $15 000 möçberde girew girizmegi talap edip biler” – diýlip, çözgütde aýdylýar. Şol bir wagtyň özünde eger daşary ýurtly raýat ABŞ-a girip, wizanyň şertlerini berjaý edip, öňünden kesgitlenen howa menzili arkaly howa ýoly bilen çyksa, pul yzyna gaýtarylar.

Maksatnama 2025-nji ýylyň 20-nji awgustyndan güýje girer we 2026-njy ýylyň awgustyna çenli dowam eder.
Şeýle-de, çözgüdiň tekstinde Döwlet departamentiniň synag maksatnamasynyň çäklerinde girew girizmeli boljak arza berijileriň sanyny heniz takyk kesgitläp bilmeýändigi, ýöne olaryň sanynyň 2 müň töweregi adama barabar bolup biljekdigi aýdylýar. 


25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......