Saud Arabystanynda sebitde iň iri akwapark gurulýar

  • 24.05.2024 21:09
  • 19k+

Saud Arabystanynda nobatdaky adaty bolmadyk taslamanyň durmuşa geçirilişi görkezildi. Er-Riýaddan uzak bolmadyk ýerde "Akwarabiýa" akwaparkynyň gurluşygy ýokary depginlerde alnyp barylýar diýip, New Atlas portaly habar berýär.

Bellenilişi ýaly, bu desga tutuş Ýakyn Gündogarda şuňa meňzeş iň iri desga bolar.
Akwaparkyň umumy meýdany 250 müň inedördül metr. Bu territoriýada 8 sany tematiki zolaklar ýerleşdiriler. Ýiti duýgulary başdan geçirmek isleýänler suw depelerinden düşüp bilerler, rahat dynç alşyň tarapdarlary bolsa daýwing bilen meşgullanyp, ýa-da basseýnde ýüzüp bilerler.
Akwaparkyň esasy aýratynlyklarynyň biri hem sýorfing üçin emeli tolkundyr.
Akwaparkyň gurluşygyny 2025-nji ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär.


şu gün 09:50
219

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

düýn 16:31
3.8k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

düýn 14:41
4.5k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

düýn 00:59
6.6k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......