Alymlar yssy howada bedeni sowadýan mata döretdiler

  • 18.06.2024 10:14
  • 15k+

Çikago uniwersitetiniň Pritsker molekulýar inženerçilik mekdebiniň (PME) inženerleri sowadyjy häsiýetli täze mata döretdiler.

Mata üç gatlakdan ybarat: daşky gatlagy ýylylygyň atmosfera çykmagyna  mümkinçilik berýär, kümüş sapaklardan ybarat ortaky gatlagy daşardan ýylylygyň girmeginiň öňüni alýar we içki gatlagy bolsa adam bedeniniň bölüp çykarýan ýylylygyny aýyrýar.
Synag matanyň Gün şöhlesiniň we ýylylygyň 97%-ine çenlisini böwetlenýändigini we bedeniň temperaturasyny pes saklaýandygyny görkezdi. Ortaça bedeniň temperatutasy pagta futbolka geýendäkisinden 2,3°C, ýüpek futbolkada wagtyndan 8,9° C pesdi.
Şeýle hem täze mata tehnologiýanyň we ulaglaryň köplüginden ýaňa bizi gurşap alýan “şäher” yssysyndan goraýar.
Oýlap tapyşyň awtorlary matanyň tomus egin-eşiklerini tikmekde, awtoulagyň oturgyçlaryna daşlyk çekmekde we ýeňil sumkalary taýýarlamakda ulanylyp biljekdigini aýdýarlar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....