Alymlar žirafyň uzyn boýny baradaky nazaryýeti täzeden gözden geçirdiler

  • 14.06.2024 14:51
  • 7.4k+

Uzak wagtlap žiraflaryň boýunlarynyň uzynlygy ýokardaky ýapraklara ýetmäge, şeýle hem erkek žiraflara bäsdeşleri bilen göreşmäge gerekligi bilen baglanyşdyrylýardy. Uzyn we güýçli boýunlaryň ejiz boýunly garşydaşlaryny urkaçy žiraflaryň ýanyndan kowmaga mümkinçilik berýändigi öňe sürüldi, bu bolsa olara ata-babalaryndan şol bir beden gurluşyny miras aljak nesilleri galdyrmaga has uly mümkinçilikleriň bardygyny aňladýar.

Şeýle-de bolsa, Mammalian Biology ylmy žurnalynda çap edilen täze barlag  alternatiw nazaryýeti teklip edýär.
Alymlar ýabany tebigatdaky we haýwanat baglaryndaky žiraflaryň beden gurluşyny öwrendiler we urkaçy žiraflaryň  boýnunyň erkek žiraflaryňka garanyňda uzyn bolýandygyny anykladylar. Ene žiraflaryň bedeni hem taýlarynyňkydan birneme uzyn. Barlagçylaryň pikirine görä, bu tapawutlar ene žiraflaryň göwrelilik döwründe olaryň özleriniň we çagalarynyň iýmite talaplarynyň artmagy bilen baglanyşyklydyr.
Pensilwaniýa uniwersitetiniň biologiýa boýunça professory we barlagyň awtorlarynyň biri Duglas Kawener: "Žiraflaryň uzyn boýnunyň ewolýusiýasy, esasan, enelik döwründe  iýmite bolan talap bilen baglanyşykly hasaplaýarys" –diýip belleýär.
Uzyn boý urkaçy žiraflara agaçlaryň başyndaky iň ýokumly ýapraklara ýetmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelik bilen, uzyn boýun ýaşamak we köpelmek üçin hökmany zerurlyga öwrülip, soňra miras galypdyr.
Erkek žiraflaryň boýnunyň has giňdigini bellemelidiris, ol urkaçy žiraflar ugrundaky göreşde garşydaşynyň urgusyna has berk durmak üçin zerur.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....