Raşid Meredow BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň sebit wekili bilen duşuşdy

  • 13.06.2024 07:19
  • 6.5k+

11-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň (UNODC) sebit wekili Aşita Mittal bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar bu guramanyň taslamalarynyň we neşeleriň bikanun dolanyşygynyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça degişli sebitleýin we halkara gurallarynyň çäklerinde Türkmenistan bilen UNODC-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.
UNODC-nyň «Serhetde ýolagçylaryň we ýükleriň gözegçilik-derňew barlagy boýunça toparlar» başlangyjynyň çäklerinde gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň şu günler geçirilýän her ýylky 9-njy sebitara duşuşygynyň ähmiýetini nygtamak bilen, söhbetdeşler şu gezekki duşuşygyň ählumumy we sebit gümrük hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, serhet howpsuzlygyny pugtalandyrmakda möhüm orun eýelejekdigini bellediler.
Şeýle hem taraplar Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde yglan edilmegi bilen baglanyşykly bilelikdäki çäräni guramak barada ylalaşdylar.


düýn 20:55
2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......