Gurbanguly Berdimuhamedow «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň baş direktory bilen duşuşdy

  • 12.06.2024 12:08
  • 11k+

11-nji iýunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň baş direktory Ismadi Ismail bilen duşuşdy.

Ýangyç-energetika toplumy Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugrudyr. Biz Türkmenistanyň hem-de “PETRONAS” kompaniýasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetine ýokary baha berýäris diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş maksatnamalary, senagat pudagyndaky özgertmeleri we işewürlik üçin döredilýän amatly şertleri göz öňünde tutmak bilen, hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň hem-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň “PETRONAS” kompaniýasy bilen nebitgaz pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça hem hyzmatdaşlyk edýändigini belläp, ýurdumyzyň ýola goýlan oňyn hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......