Serdar Berdimuhamedowyň Balkan — Daşoguz ýokary woltly elektrik geçirijisiniň we täze elektrik beketleriniň açylyş dabarasyndaky çykyşy

  • 06.06.2024 10:08
  • 14k+

(Daşoguz şäheri, 2024-nji ýylyň 5-nji iýuny)
Eziz watandaşlar!
Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Şu gün biz Daşoguz welaýatynda ýurdumyzda hereket edýän bitewi energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek maksady bilen, Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň we elektrik beketleriniň açylyş dabarasyna gatnaşýarys. Şeýle hem şu gün Daşoguz şäherinde bina edilen döwrebap ýaşaýyş jaýlary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berler. Welaýatyň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek täze 200 sany ýolagçy awtobusyny hem sowgat hökmünde gowşurarys.

Eziz watandaşlar!
Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Men siziň ähliňizi bu şatlykly wakalar bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Eziz watandaşlar!
Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Ýurdumyzyň energetika syýasatyna laýyklykda, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, türkmen elektrik energiýasyny diwersifikasiýa ýoly bilen daşary ýurtlaryň sarp edijilerine ibermek, täze energiýa kuwwatlyklaryny döretmek, paýlaýjy ulgamlaryň tehniki ýagdaýlaryny gowulandyrmak, hereket edýän bitewi milli energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Hormatly Arkadagymyzyň elektroenergetika pudagyny ösdürmek babatda başyny başlan tutumly işleri häzirki döwürde giň gerimde dowam etdirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy esasynda energetika pudagyny ösdürmek boýunça işler üstünlikli amala aşyrylýar. Maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzda hereket edýän elektrik stansiýalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek, utgaşykly dolanyşykda işleýän täze elektrik stansiýalaryny gurmak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwaty 1574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy alnyp barylýar.
Türkmen energiýa serişdeleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberini we ugurlaryny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasy hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrüň talaplaryna görä pugtalandyrylýar. Önümçilige döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylyp, elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberi yzygiderli artdyrylýar. Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň işe girizilmegi hem elektrik stansiýalarynyň bökdençsiz işledilmegine uly mümkinçilik berýär.

Hormatly adamlar!
Ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdelerini öndürmäge-de uly üns berilýär. Häzirki wagtda Balkan welaýatynda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu bolsa sebitde gurulýan täze, döwrebap obalary ekologik taýdan arassa elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer. Garaşsyz Diýarymyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini döretmek boýunça işler geljekde-de giň gerimde dowam etdiriler.

Hormatly adamlar!
Ýurdumyzyň energiýa kuwwatlyklaryny sebitleriň arasynda paýlamak, elektrik geçirijileriň kadaly işlemegini gazanmak maksady bilen, halkalaýyn ulgamy döretmek wezipesi öňde goýlup, bu ugurda netijeli işler alnyp baryldy. Türkmen energiýa gurluşykçylarynyň ýadawsyz zähmeti netijesinde, bu taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan bölegi 2021-nji ýylda amala aşyryldy. Taslamanyň ikinji tapgyry, ýagny Mary — Ahal bölegi 2023-nji ýylda işe girizildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu taslamanyň üçünji tapgyry bolan Balkan — Daşoguz böleginiň gurluşygy hem tamamlanyp, ulanmaga berilýär. Bu tapgyrda her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan «Balkan» we «Daşoguz» elektrik beketleri hem guruldy.
Ýurdumyzda hereket edýän energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek boýunça taslamanyň durmuşa geçirilmegi Garaşsyz Türkmenistanyň energetika pudagynyň taryhynda uly wakadyr. Bu taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen, Diýarymyzda bir bitewi halkalaýyn energiýa ulgamy emele geldi. Bu bolsa içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmäge, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ibermäge mümkinçilik berer. Pursatdan peýdalanyp, zähmetsöýer türkmen energiýa gurluşykçylaryna bu möhüm taslamany üstünlikli amala aşyrandyklary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.

Hormatly adamlar!
Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Bu ugurda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlary we durmuş maksatly desgalar açylyp ulanmaga berilýär. Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde täze gurlan ýaşaýyş jaýlarynda raýatlarymyzyň oňaýly ýaşamaklary üçin ähli şertler döredilen. Biz geljekde-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça alyp barýan maksatnamalaýyn işlerimizi üstünlikli dowam etdireris.

Eziz watandaşlar!
Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Sizi Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň we täze elektrik beketleriniň işe girizilmegi, şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda hereket edýän bitewi energiýa ulgamynyň halkalaýyn birleşdirilmegi, täze ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi, şeýle hem döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň sowgat berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.


düýn 10:01
762

Pekinde Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

13-nji martda Pekin şäherinde şu ýylyň 28–30-njy aprelinde Aşgabatda geçiriljek Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi...

düýn 09:29
1.7k+

R.Meredow we Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň wekilhanasynyň ýolbaşçysy ynsanperwer hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

13-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy Bilýana Miloşewiç bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär...

düýn 00:49
5k+

Türkmenistanyň wekillerini Londona — IMO-nyň ştab-kwartirasyna ugradarlar

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň hem-de beýleki degişli edaralaryň wekiliýetleri 2026-njy ýylyň dowamynda Halkara deňiz guramasynyň (IMO) Londondaky ştab-kwartirasyna guraljak saparlara gatnaşar...

13.03.2026 09:38
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde HZG-niň wekilleri bilen pudagara tegelek stol maslahaty geçirildi

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) wekilleriniň gatnaşmagynda zähmet, durmuş taýdan goraglylyk we durnukly ösüş meselelerine bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi...