Gurbanguly Berdimuhamedow haýyr-sahawat gaznasynyň işleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

  • 31.05.2024 07:34
  • 10k+

30-njy maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işleri bilen tanyşmak üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine geldi. Merkeziň ştab-kwartirasynda türkmen halkynyň Milli Lideri gaznanyň wise-prezidenti R.Bazarowyň we çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň köpugurly hassahanalaryna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna dünýäniň iň kämil lukmançylyk enjamlarynyň berlendigi we bu işleriň üstünlikli dowam etdirilýändigi, gaznanyň howandarlygynda mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika boýunça ders olimpiadasynyň geçirilendigi, çagalar atçylyk toparyny döretmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy barada hasabat berildi. Gaznanyň hemaýat bermeginde häzirki döwre çenli köp sanly näsag çagalarda çylşyrymly operasiýalaryň geçirilendigi, olaryň bu günki gün bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýandygy aýdyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow haýyr-sahawat gaznasynyň işini mundan beýläk-de güýçlendirmek bilen baglanyşykly meselelere yzygiderli ähmiýet berilmelidigini belledi.
Şeýle hem iş maslahatynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowa häzirki döwürde merkezde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we bu ýerde ýüzlerçe çaganyň saglyklarynyň berkidilendigi barada hasabat berdi. Şol bir wagtyň özünde, merkeziň lukmanlarynyň bir toparynyň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kliniki merkezlerinde bolup, oňyn tejribe toplandygy hakynda aýdyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn kemala gelmekleri ugrunda mundan beýläk-de zerur tagallalaryň ediljekdigini aýtdy. Şeýle hem bu ýerde bejergi alýan çagalara lukmançylyk hyzmatlarynyň edilmegi, körpeleriň Arkadag şäherine gezelençlerini guramak, olaryň dürli hünäriň eýeleri bolmagyny esasy ugur edinýän gurnaklaryň netijeli hereket etmegi bilen bagly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi we bu çäreleriň lukmançylyk bejergileriniň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň baş şertini emele getirýändigine ünsi çekdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň dünýäde ykrar edilen düzüme öwrülendigini aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu ugurda amala aşyrylýan işleriň yzygiderli ilerledilmelidigini, halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmelidigini nygtady we degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


20.06.2026 11:41
3.7k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......