Türkmenistan Hytaý, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürer

  • 26.05.2024 11:02
  • 7.7k+

25-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, hususan-da, Hytaý, Ýaponiýa we Koreýa Respublikasy bilen gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hasabatyň dowamynda wise-premýer DIM-niň ýolbaşçysy Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň häzirki zaman dünýä syýasatynda eýeleýän ähmiýetli ornuny, şeýle hem Türkmenistanyň bu ýurtlar bilen Garaşsyzlyk ýyllarynda toplanan hyzmatdaşlygynyň baý tejribesini hem-de taryhy gatnaşyklaryny göz öňünde tutup, taýýarlanan teklipler barada hasabat berdi.
Şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek  Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň we HHR-niň Daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeleri geçirmek baradaky teklip beýan edildi. 
Şeýle hem şu ýylyň iýul aýyndan başlap, «Hytaýda Türkmenistanyň medeniýetiniň ýylyna» bagyşlanan çäreleriň toplumyny  geçirmegiň meýilleşdirilýändigini habar berdi.
Şunuň bilen birlikde, strategik döwletara hyzmatdaşlygynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, degişli işler alnyp barylýar, hususan-da, resminamalaryň toplumy işlenip taýýarlanyldy. Bu ulgamdaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin şu ýylyň ikinji ýarymynda ikitaraplaýyn pudagara geňeşmeleri geçirmek teklip edildi.
Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda depginli ösdürilýär. 
Şunuň bilen baglylykda, Astana şäherinde geçiriljek “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” Dialogynyň birinji Sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň duşuşygyny guramak boýunça häzirki wagtda işleriň alnyp barylýandygy habar berildi. Şunuň bilen birlikde, hyzmatdaşlygyň dürli ulgamlaryny gurşap alýan we gol çekilmegi meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn resminamalar barada aýdyldy. 
Mundan başga-da, ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen teklipler beýan edildi.
Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Koreýa Respublikasy bilen döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri barada aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, ýurdumyz 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa + ASEAN formatyny döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Bu başlangyjy iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, şu ýylyň ikinji ýarymynda Türkmenistanda halkara duşuşygy ýa-da maslahaty geçirmek teklip edildi.
Serdar Berdimuhamedow beýan edilen teklipleri goldap, ýokary derejede geçiriljek gepleşiklere, saparlara, dürli görnüşdäki duşuşyklara ünsi çekdi hem-de wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna ähli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini  üpjün etmegi tabşyrdy. 


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......