Geografiýa mugallymy öz bagyndan ýüzi syrly gadymy dildäki ýazgyly daş tapdy

  • 24.05.2024 21:13
  • 17k+

Beýik Britaniýanyň Kowentri şäherinden 55 ýaşly geografiýa mugallymy Grem Senýor öz bagyndan uly bolmadyk gönüburçly daş tapdy. Artefaktyň ýüzünde  gadymy keltleriň ogam elipbiýinde oýulyp ýazylan ýazgy bar.

Senýor 2020-nji ýylda bagynda işläp ýörkä bu daşyň üstünden barýar. Onuň ýüzünde syrly parallel çyzyklaryň toplumy haşamlanypdyr. Munuň möhüm bir zat bolup biljekdigine göz ýetirip, daşy ýuwýar we onuň suratyny arheolog garyndaşyna iberýär. Netijede, hünärmenler tapyndyny öwrendiler diýip, The Guardian gazetinde çap edilen makalada aýdylýar.
Hünärmenler daşdaky ýazgynyň biziň eramyzyň IV-VI asyrlary aralygynda Irlandiýada we Beýik Britaniýada ulanylan ogam elipbiýinde ýazylandygyny  kesgitlediler. Ýazgyny aýdyňlaşdyrmagyň netijesinde onda “Maldumcail" diýlip ýazylandygyny we beýleki iki runada - S / Lass diýlen ýazgynyň bardygyny bildiler, olaryň manysy häzirlikçe belli däl.

“Birinji bölegi adam ady - Mael Damkeýl bolmaly. Ikinji bölegi biraz düşnüksiz. S / Lass-yň manysyny takyk aýdyp bolmasa gerek. Bu ýeriň ady bolmagy mümkin"-diýip, keltolog, professor Ketrin Forsaýt belleýär.

Daşyň niýetlenen maksady hem düşnüksiz bolmagynda galýar. "Göçme ýadygärligiň bölegi" bolmagy ahmal. Ogam ýazuwynyň b.e. IV-VI asyrlarynda Irlandiýada we Beýik Britaniýada ulanylandygy bellendi. Bu ulgam Irlandiýanyň irki hristian jemgyýetleri tarapyndan oýlanyp tapylypdyr diýip hasaplanýar: bu birek-birege gizlin habarlary ýetirmäge mümkinçilik beripdir.
Bu artefakt Kowentri şäherindäki Gerbertiň sungat galereýasynda we muzeýinde goýlar. Senýor tapyndysyny bu muzeýe bagyşlady.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....