Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi

  • 23.05.2024 08:39
  • 5.9k+

22-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti myhmany möhüm çäräniň — GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň öňüsyrasynda myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, mejlisi ýokary derejede guramak üçin ýurdumyzyň GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde uly taýýarlyk işini geçirendigini aýtdy. Döwlet Baştutany geçiriljek duşuşygyň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga oňat mümkinçilik döretjekdigine, onuň netijeleriniň bolsa köptaraplaýyn özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirip, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny nazara alyp hem-de GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň giňişligindäki hyzmatdaşlyk meselelerinde başlangyçly orny eýeleýär, ykdysady, medeni-ynsanperwer maksatnamalara işjeň gatnaşýar, ýurdumyzda GDA-nyň çäreleri yzygiderli geçirilýär. Ykdysadyýet, söwda, energetika, ulag, aragatnaşyk, telekommunikasiýalar ulgamlaryndaky bar bolan mümkinçilikleriň peýdalanylmagynyň, ylym-bilim, medeniýet, sport ugurlarynda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň bilelikdäki işiň esasy wezipeleriniň hatarynda durýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Aşgabat şäherini “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýip yglan etmek baradaky Çözgüdiň taslamasyna seredilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny belläp, şu resminamanyň kabul edilmeginiň dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
GDA-nyň Baş sekretary, öz gezeginde, Aşgabatda halkara sport çärelerini ýokary derejede guramak üçin ähli zerur infrastrukturanyň bardygyny hem-de ýurdumyzyň dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülendigini belledi. Duşuşygyň dowamynda howanyň üýtgeýän şertlerinde daşky gurşawy goramak meselelerini çözmekde, şol sanda “ýaşyl” tehnologiýalary ösdürmekde tagallalary işjeňleşdirmegiň maksadalaýykdygy aýdyldy.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......