Serdar Berdimuhamedow «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi

  • 18.05.2024 01:58
  • 22k+

17-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi. Bu kompaniýa Aşgabatda açylan “Magtymguly Pyragy” medeni seýilgäh toplumynyň çäklerinde rejeleýiş we dizaýner işlerini ýerine ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti we Russiýanyň kompaniýasynyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de bar bolan köpugurly mümkinçilikleri we ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasyny hasaba almak bilen, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň Türkmenistanda, hususan-da, paýtagtymyzda birnäçe möhüm düzümleýin taslamalary amala aşyrýandygy bellenildi.
Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň günorta bölegindäki “Magtymguly Pyragy” medeni seýilgäh toplumynyň baş şäherimiziň täze, ajaýyp desgalarynyň birine hem-de şäher ýaşaýjylarynyň, şol sanda döredijilik işgärleriniň dynç alýan merkezine öwrüljekdigine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutany ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistanyň innowasion ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen ähli ulgamlarda iň gowy daşary ýurt tejribesini we döwrebap işläp taýýarlamalary peýdalanmagy ugur edinýändigini hem-de russiýaly hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny belledi.

 


düýn 19:38
4.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......