BAE ilkinji gezek ölüm howply kesele garşy emeli aň tarapyndan döredilen dermany synagdan geçirýär

  • 18.05.2024 19:03
  • 11k+

Emeli aň ilkinji gezek ýüzlerçe müň adam ömrüni halas edip biljek dermany döretdi. Derman serişdesi BAE-niň Masdar-Siti şäherinde ýerleşýän Insilico Medicine kompaniýasynyň emeli aň platformasy tarapyndan işlenip taýýarlandy. Bu barada wam.ae salgylanyp, Kazinform agentligi ýazýar.

Täze serişde öýkende ýaralaryň peýda bolmagy bilen häsiýetlendirilýän seýrek we bejerip bolmaýan keseli – idiopatiki öýken fibrozyny (IÖF) bejermek üçin niýetlenendir. Häzirki wagtda ABŞ-da we Hytaýda 2a tapgyrynyň kliniki synaglary geçýär.
Insilico Medicine-iň işläp taýýarlamasy farmasewtika pudagynda täze bir döwri aňlatmak bilen, bejermegiň täze we netijeli usullaryny tapmakda emeli aňyň mümkinçiliklerini görkezýär.

“Biz örän wajyp derman serişdelerini döretmek we heniz öwrenilmedik çemeleşmeleriň kömegi bilen täze keselleri bejermek üçin emeli aňdan peýdalanyp bileris, bu örän çalt we netijeli bolar. Şeýle-de, biz emeli aňy howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly beýleki ugurlarda-da ulanmak mümkinçiligini öwrenýäris. Ahyrynda, biziň wezipämiz adam ömrüni uzaltmak we adamzady halas etmek üçin generatiw emeli aňy we robototehnikany ulanmakdyr” – diýip, Insilico Medicine-iň baş müdiri Aleks Žaworonkow belledi.

Emeli aň platformasyny ulanmak bilen, Insilico-nyň alymlary täze biologiki “nyşany” – IÖF-üň ösüşini togtatmak üçin derman serişdesiniň kömegi bilen saklap boljak belogy kesgitlemegi başardylar.
Bu açyş Insilico platformasynyň fibroz bilen garramagyň arasyndaky baglanyşygy ýola goýup bilmegi netijesinde mümkin boldy – diýlip, Nature Biotechnology neşirinde çap edilen makalada aýdylýar.
Häzirki wagtda Insilico Medicine-iň emeli aň tarapyndan döredilen 30-dan gowrak derman serişdesi bar, olardan ýedisi eýýäm kliniki synaglardan geçirilýär.
Işläp taýýarlaýjylar topary Insilico Pharma.AI platformasyny kämilleşdirmegi, şol sanda uly dil modellerini we kwant hasaplamalaryny girizmek işini dowam etdirýärler. 


20.06.2026 12:08
7.4k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......