Gurbanguly Berdimuhamedow “Russiýa — Yslam dünýäsi” XV halkara ykdysady forumyna gatnaşdy

  • 17.05.2024 12:21
  • 3.8k+

16-njy maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde hormatly myhman hökmünde “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” XV halkara ykdysady forumyna gatnaşdy.

Forumyň esasy maksady Russiýa bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş-medeni ugurly gatnaşyklary pugtalandyrmak, şeýle hem Russiýa Federasiýasynda yslam maliýe ulgamy düzümleriniň ösdürilmegine ýardam bermek bolup durýar. Şu ýyl “KazanForuma” 80-den gowrak döwletiň, şol sanda YHG-na agza ýurtlaryň 40-synyň, Russiýanyň sebitleriniň 83-siniň wekilleri gatnaşýarlar. Ol “Ynanyşmak we hyzmatdaşlyk” şygary astynda geçýär.
Irden Kazanda Başir Rameýew adyndaky Maglumat tehnologiýalar parkynda “Russiýa — Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň “Russiýa — Yslam dünýäsi: adalatly, köppolýarly dünýä gurluşy we howpsuz ösüş” atly mejlisi geçirildi.
Tatarystan Respublikasynyň Baştutany duşuşygy açyp, häzirki wagtda bu toparyň ornunyň barha artýandygyny belledi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Rustam Minnihanowyň Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm ornuny hem-de ykdysady, medeni, ylym, bilim, sport ulgamlaryndaky gatnaşyklary giňeltmekde köp ýyllaryň dowamynda bitiren şahsy hyzmatlaryny belläp, onuň ähli türkmen halkynyň arasynda uly hormata we abraýa eýediginiň kanunalaýyk ýagdaýdygyny aýtdy.
Biz oňa diňe bir ýurdumyz bilen köp ýyllaryň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürýän Russiýanyň iň ösen sebitleriniň biriniň ýolbaşçysy hökmünde garaman, eýsem, ony wepaly dost, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilmeginiň möhüm şerti hökmünde türkmen-tatar doganlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli pugtalandyrylmagynyň tarapdary hökmünde görýäris diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we munuň üçin Tatarystanyň Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Mejlise gatnaşyjylaryň çykyşlarynda “KazanForumyň” indi köp ýyllaryň dowamynda “Russiýa — Yslam dünýäsi” formatynda hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň dialogy hökmünde netijeli meýdança bolup hyzmat edýändigi bellenildi. 15-nji gezek üstünlikli geçirilýän bu forum geçen ýyllaryň dowamynda döwletara gatnaşyklary ösdürmekde uly sepgitlere ýetilendigini, şunuň bilen birlikde, özara hormat goýmagyň, ynanyşmagyň, bilelikde rowaçlyklara ýetmäge ygrarlylygyň aýdyň mysalyny görkezdi.
Tatarystanyň Baştutany öz esasy çykyşynda häzirki zaman dünýäsiniň ählumumy meseleleriniň birnäçesi barada aýdyp, “Russiýa — Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň öz derejesinde bu meseleleriň jogabyny gözlemäge ýardam etmelidigini belledi. Syýasy ulgamyň durnuklylygyny, ykdysady kuwwatyň ýokarlandyrylmagyny, medeni hem-de ruhy-ahlak gymmatlyklaryň saklanylmagyny we ösdürilmegini üpjün etmek maksady bilen, bu formata gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna aýratyn üns çekildi.


düýn 20:46
1k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
2.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......