Britaniýada patyşa Karl III-niň ilkinji resmi portreti görkezildi

  • 17.05.2024 07:31
  • 11k+

Londonda resmi dabaranyň dowamynda patyşa Karl III-niň ilkinji portreti görkezildi. Beýikligi 256 santimetr bolan suratyň awtory suratkeş Jonatan Ýeo boldy diýip, Buro247 habar berýär.

Portretde patyşa Uels gwardiýasynyň gyzyl formasy bilen gabat gelýän fonda doly boýuna şekillendirilipdir. Bellenilen gwardiýa polkownigi Karl bolan britan goşunynyň bölümçesidir. Monarhyň sag egnine bolsa kebelek uçup gelýär.

“Sungat taryhynda kebelek metamorfozany we galkynyşy aňladýar. Bu ýakynda tagt başyna gelen monarhyň portreti üçin diýseň ýerliklidir. Şeýle-de, ol daşky gurşawyň goragy ugrunda çykyş edýän patyşany alamatlandyrýar” – diýip, suratkeş şekillendirilen kebelegiň manysyny düşündirýär.

Öň, biz fewral aýynda patyşada onkologiýa keseliniň ýüze çykarylandygyny habar beripdik. Ol howpsuz prostatanyň ulalmak ýagdaýy barlanan wagty anyklandy.
Britaniýaly suratkeş Jonatan Ýeo portretçi hökmünde belli boldy. Ol şazada Filipp, şa aýaly Kamilla, Toni Bler, Dewid Kemeron, Silwio Berluskoni, Kewin Speýsi ýaly köp sanly tanymal adamlaryň we syýasatçylaryň portretlerini çekdi.


düýn 23:53
1.3k+

Korol Karl III Bukingem köşgüne dolanmakdan ýüz dönderdi

Beýik Britaniýanyň koroly Karl III we şa zenany Kamilla Bukingem köşgüniň abatlaýyş işleri doly tamamlanyp, taýyn bolandan soň hem ol ýerde ýaşamazlar. Bu barada The Daily Beast neşiri habar berýär....

19.06.2026 19:18
4k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.4k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....