Beýik Britaniýanyň patyşasy Çarlz III-de rak keseli ýüze çykaryldy

  • 06.02.2024 20:04
  • 20k+

Beýik Britaniýanyň 75 ýaşly patyşasy Çarlz III-iň rak keseli bilen keselländigi anyklandy. Bu barada Bukingem köşgüniň Metbugat gullugy habar berdi.

Patyşa bu temadaky myş-myşlaryň öňüni almak maksady bilen, kesel kesgidi barada özi habar bermegi makul bildi.
Patyşa maşgalasynyň wekilleri Çarlz III-e rak keseliniň haýsy görnüşiniň degendigini takyk aýtmadylar. Diňe munuň prostatanyň rak keseli däldigi bellendi.
Patyşa bejergi almaga başlady, ol bejergi döwründe döwlet we hat-ýazuw işleri  bilen meşgullanmagyny dowam etdirer, ýöne lukmanlaryň maslahaty bilen jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmakdan saklanar.

“Patyşa wagtynda hassahana ýerleşdirilip, bejergi berilmegi babatynda dessin aladalary üçin lukmanlaryna minnetdardyr. Ol berilýän bejergä oňyn garaýar we gysga wagtda hökümet işlerine gaýdyp gelmegi umyt edýär "- diýip beýanda aýdylýar.

BBC News-yň belleýşi ýaly, ýanwar aýynyň ahyrynda Çarlz III prostatanyň ulalmagy sebäpli berlen lukmançylyk bejergisinden soň Londonyň hususy hassahanasyndan çykaryldy.
Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Rişi Sunak patyşa “tiz wagtda doly sagalmagyny” arzuw etdi. Hökümet başlygy X sosial ulgamynda (öňki Twitter): “Ýakyn wagtda oňa gujur-gaýratyň gaýdyp geljekdigine şübhelenemok we tutuş ýurduň saglyk dileýändigini bilýärin " - diýip ýazdy.


şu gün 11:41
3.5k+

Hindistanda Nipah wirusynyň ýüze çykmagy sebäpli Aziýanyň howa menzillerinde gözegçilik güýçlendirildi

Hindistanyň Günbatar Bengaliýa ştatynda Nipah wirusy bilen kesellemegiň iki ýagdaýy ýüze çykarylandan soň, birnäçe Aziýa ýurtlarynyň howa menzillerinde sanitar gözegçiligi güýçlendirildi. Bu barada «The Guardian» neşiri habar berýär...

26.01.2026 17:34
2.5k+

Parkinson keselini bejermek üçin emeli aň tarapyndan döredilen derman adamlarda synagdan geçiriler

ABŞ-nyň Azyk we derman serişdelerine sanitar gözegçilik gullugy (FDA) emeli aňyň kömegi bilen işlenip düzülen ISM8969 atly dermany kliniki synaglardan geçirmäge rugsat berdi. Bu çözgüt çiş we neýrodegeneratiw kesellerini bejermekde täze ädim bolup, indi dermany adamlarda barlap görmäge mümkinçilik berýär...

26.01.2026 12:25
3.8k+

Mýunhende Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna goşant goşan nemes lukmanlar sylaglandy

Mýunhende germaniýaly lukmanlaryň Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge goşan goşantlaryna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Ol şäheriň taryhy «Baýrişer Hof» otelinde boldy. Bu çäre ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy...

26.01.2026 03:45
5k+

Sarygaýnama garşy dermanlaryň rak töwekgelçiligini artdyrýanlygy baradaky çaklamalar inkär edildi

Demirgazyk Ýewropanyň iri uniwersitetleriniň barlagçylar topary sarygaýnamany bejermek we aşgazan kislotasyny azaltmak üçin giňden ulanylýan proton pompasynyň ingibitorlarynyň (PPI) howpsuzlygyna bagyşlanan uly göwrümli ylmy işiň netijelerini hödürlediler...