Beýik Britaniýanyň patyşasy Çarlz III-de rak keseli ýüze çykaryldy

  • 06.02.2024 20:04
  • 20k+

Beýik Britaniýanyň 75 ýaşly patyşasy Çarlz III-iň rak keseli bilen keselländigi anyklandy. Bu barada Bukingem köşgüniň Metbugat gullugy habar berdi.

Patyşa bu temadaky myş-myşlaryň öňüni almak maksady bilen, kesel kesgidi barada özi habar bermegi makul bildi.
Patyşa maşgalasynyň wekilleri Çarlz III-e rak keseliniň haýsy görnüşiniň degendigini takyk aýtmadylar. Diňe munuň prostatanyň rak keseli däldigi bellendi.
Patyşa bejergi almaga başlady, ol bejergi döwründe döwlet we hat-ýazuw işleri  bilen meşgullanmagyny dowam etdirer, ýöne lukmanlaryň maslahaty bilen jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmakdan saklanar.

“Patyşa wagtynda hassahana ýerleşdirilip, bejergi berilmegi babatynda dessin aladalary üçin lukmanlaryna minnetdardyr. Ol berilýän bejergä oňyn garaýar we gysga wagtda hökümet işlerine gaýdyp gelmegi umyt edýär "- diýip beýanda aýdylýar.

BBC News-yň belleýşi ýaly, ýanwar aýynyň ahyrynda Çarlz III prostatanyň ulalmagy sebäpli berlen lukmançylyk bejergisinden soň Londonyň hususy hassahanasyndan çykaryldy.
Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Rişi Sunak patyşa “tiz wagtda doly sagalmagyny” arzuw etdi. Hökümet başlygy X sosial ulgamynda (öňki Twitter): “Ýakyn wagtda oňa gujur-gaýratyň gaýdyp geljekdigine şübhelenemok we tutuş ýurduň saglyk dileýändigini bilýärin " - diýip ýazdy.


20.06.2026 12:08
6.9k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......