Sarygaýnama garşy dermanlaryň rak töwekgelçiligini artdyrýanlygy baradaky çaklamalar inkär edildi

  • 26.01.2026 03:45
  • 5.5k+

Demirgazyk Ýewropanyň iri uniwersitetleriniň barlagçylar topary sarygaýnamany bejermek we aşgazan kislotasyny azaltmak üçin giňden ulanylýan proton pompasynyň ingibitorlarynyň (PPI) howpsuzlygyna bagyşlanan uly göwrümli ylmy işiň netijelerini hödürlediler. Işiň barşynda bu dermanlary uzak wagtlap ulanmak bilen aşgazan ragynyň döreme töwekgelçiliginiň arasynda hiç hili baglanyşygyň ýoklugy ýüze çykaryldy.
Barlagyň dowamynda aşgazan ragy diagnozy goýlan 17 müňden gowrak hassanyň we bu keseli bolmadyk, takmynan 172 müň adamyň lukmançylyk maglumatlary seljerildi. Toparlar ýaşyna we jynsyna görä seljerildi. Barlagçylar dermanlary kabul etmegiň dowamlylygyna görä hem-de aýratynlykda bahalandyrdylar we eýýäm ösüp barýan keseliň dermanlaryň bellenilmegine ýetirýän täsirini azaltmak üçin, diagnoz goýulmazdan öňki döwri hasapdan çykardylar. Öňki işlerden tapawutlylykda, bu seljerme köp sanly faktorlary: Helicobacter pylori ýokançlygyny, aşgazan ýarasyny, semizligi, süýji keselini, çilimi, alkogoly we beýleki dermanlary kabul etmegi hasaba aldy. Bu faktorlar göz öňünde tutulandan soň, PPI ulanmak bilen aşgazan ragynyň arasynda statistiki taýdan ähmiýetli hiç hili baglanyşyk ýüze çykarylmady.
H2-reseptor blokatorlary üçin hem meňzeş netijeler alyndy. Awtorlar barlagyň synçy häsiýete eýedigini belleýärler, emma maglumatlaryň göwrüminiň uludygy we  milli lukmançylyk sanawlarynyň ulanylmagy netijeleriň ygtybarlylygyny ýokarlandyrýar.
Barlagyň netijeleri The BMJ žurnalynda çap edildi. 


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......