«Ýo-ýo ýaly...»: Tramp dollaryň kursunyň üýtgemegine teswir berdi

  • 28.01.2026 22:59
  • 20k+

​ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp dollaryň kursunyň peselmegine biynjalyk bolmaýandygy, gaýtam amerikan walýutasynyň «ýagdaýynyň gowudygy» barada aýtdy. Bu barada ol Aýýowa ştatynda, geçiriljek mitinge gatnaşmak üçin baran mahaly žurnalistlere habar berdi.

​«Bloomberg» agentliginiň maglumatlaryna görä, dollaryň «Bloomberg Dollar Spot Index» görkezijisi sişenbe güni 0,4% aşaklap, 2022-nji ýylyň martyndan bäri iň pes derejesine ýetdi.
​Dollaryň kursunyň peselmegi baradaky soraga Tramp: «Men şeýle bolmagyny isleýärin — [dollara] adalatly bolar ýaly öz derejesini tapmaga pursat bermeli», — diýip jogap berdi.

«Men ony ýo-ýo oýunjagy ýaly ýokary galdyryp ýa-da aşak düşürip bilerdim», — diýip ABŞ-nyň Prezidenti şeýle ssenariniň amatsyz boljakdygyny nygtady.

​Amerikan walýutasy eýýäm bassyr dördünji gün arzanlaýar, iň uly peselme bolsa ýapon ýenasyna görä bolup geçdi. Ak tamyň ýolbaşçysynyň beýanaty «grinbegiň» (dollaryň) satylmagyny has-da güýçlendirdi. Şunuň bilen birlikde, bilermenler beýleki dünýä walýutalarynyň — ýewronyň we funt sterlingiň gymmatlaýandygyny belleýärler.
​«Bloomberg-iň» habar berşine görä, dollar bilen işleýän treýderler 2011-nji ýyldan bäri walýutanyň has-da gowşamagyna iň uly stawkalary goýýarlar. Agentlik diňe bir bazaryň gysga möhletli gatnaşyjylarynyň däl, eýsem dollaryň uzak möhletleýin geljegine baha berýän maýadarlaryň arasynda hem ikirjiňlenmeleriň artýandygyny belleýär.

​«ABŞ-nyň öňünden çaklap bolmaýan syýasaty dollaryň kursuna aç-açan oňaýsyz täsir edýär» diýip, «Danske Bank A/S»-iň uly analitigi Ýesper Fýarstedt aýtdy.

​Mundan başga-da, «Fox News» telekanalyna beren interwýusynda Tramp import paçlarynyň (gümrük tölegleriniň) girizilmegi netijesinde ABŞ-nyň 600 milliard dollar alandygyny we şolaryň saýasynda ýurduň söwda defisitiniň 77% azalandygyny habar berdi.
​Şeýle hem ol, eger söwda hyzmatdaşlaryna garşy girizilen paçlar ABŞ-nyň Ýokary kazyýeti tarapyndan ýatyrylsa, olara çalşyrgyç tapjakdygyny sözüne goşdy. «Biz şol bir zady etmegiň başga bir ýoluny taparys. Ýöne ol beýle amatly bolmaz», — diýip amerikan prezidenti duýdurdy.


17.05.2026 15:44
9k+

Hytaý we ABŞ birnäçe harytlar boýunça özara gümrük paçlaryny azaltmak barada ylalaşdylar

Hytaýyň Söwda ministrligi Hytaý bilen ABŞ-nyň arasynda harytlaryň belli bir görnüşleri boýunça özara söwda gümrük paçlaryny azaltmak barada ylalaşyk gazanylandygyny yglan etdi....

15.05.2026 14:43
11k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......

14.05.2026 18:54
5.8k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

12.05.2026 20:41
13k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......