Türkmenistanyň Halkara zähmet guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça teklipler taýýarlanyldy

  • 11.05.2024 11:40
  • 8.6k+

Türkmenistan BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümi bolan Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegi meýilleşdirýär. 10-njy maýda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Raşid Meredow hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna birnäçe degişli teklipleri hödürledi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasy» işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu “Ýol kartasynyň” we onda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegine ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagy teklip edilýär.
Şeýle hem şu ýylyň 3 — 14-nji iýuny aralygynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde Halkara Zähmet Guramasynyň Halkara zähmet maslahatynyň 112-nji mejlisiniň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi habar berildi. HZG-niň Baş direktory Türkmenistanyň wekiliýetini bu mejlise gatnaşmaga çagyrdy. Şunuň bilen baglylykda, Ženewa şäherine saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň Halkara Zähmet Guramasynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen duşuşyklarynyň guralmagy maksadalaýyk hasaplanýar. Mundan başga-da, 2024-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, şu ýylyň 14 — 17-nji maýy aralygynda Halkara Zähmet Guramasynyň halkara zähmet kadalary boýunça hünärmenleriniň Türkmenistana saparyny guramak teklip edilýär.


düýn 20:55
2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......