Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli halkara maslahatlar we çäreler geçiriler

  • 11.05.2024 11:02
  • 3.4k+

Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli halkara ylmy maslahatlar we çäreler geçiriler. Olara görülýän taýýarlyk işleri barada wise-premýer N.Amannepesow Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, 12-13-nji iýun aralygynda ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleriniň, daşary ýurtly alymlaryň gatnaşmagynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat geçiriler. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan guraljak halkara ylmy maslahatyň çäklerinde ylmyň we tehnikanyň ileri tutulýan ugurlary boýunça möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem ýurdumyzyň alymlarynyň ylmy gazananlaryny dünýä ýaýmak, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, halkara ylmy-amaly maslahatlar geçiriler.
8-nji iýunda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Ýaşyl” ykdysadyýetiň möhüm ugurlary: eko-, nano-, bio- we maglumat tehnologiýalary” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçiriler.
12-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....