Şprise derek: Sülük alymlary agyrysyz gan almak üçin gural döretmäge ruhlandyrdy

  • 07.05.2024 09:33
  • 17k+

Şweýsariýanyň Federal tehnologiýalar institutynyň (ETH Sýurih) alymlary sülüklerden ruhlanyp, gan almak üçin täze enjam döretdiler.

Täze gajet sanjymdan gorkýan adamlar üçin agyrysyz gan aldyrmakda adaty şprisleriň ornuny tutar.
Enjam hassanyň derisine berkidilýän 2,5 sm diametrli sorujy arkaly işleýär. Sorujynyň içinde polatdan ýasalan, üstünden basylanda derä sanjylýan mikroiňňeler bar.
Işläp taýýarlaýjylar: “Sülükleri öwrenmek bilen, gan almakda şuňa meňzeş ulgamy ösdürip biljekdigimize düşündik "- diýdiler.
Doňuzlarda geçirilen synaglar täze gajetiň şprise garanda agyrysyzdygyny we az wagtyň içinde has köp gan almaga mümkinçilik berýändigini görkezdi.
Şeýle hem enjam has ygtybarlydyr: gany sorup alandan soň, mikroiňňeler sorujynyň içinde gizlenýär we tötänleýin sünjülmek howpuny aradan aýyrýar.
Alymlar gyzzyrma ýaly tropiki kesellere garşy göreşde öz oýlap tapyşlarynyň peýdasynyň degjekdigini aýdýarlar.
Gözleg toparynyň ýolbaşçysy Nikol Zoratto enjamy pes girdejili sebitlerde, esasanam, Saharadan günortada Afrika ýurtlarynda ulanmagy meýilleşdirýändiklerini mälim etdi.
Häzirki wagtda alymlar enjamy mundan beýläk adamlarda barlamak görmek üçin, kämilleşdirmegiň üstünde işleýärler.


düýn 16:56
1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

düýn 12:41
1.1k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

düýn 11:09
1.3k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
5.5k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....