Türkmenistanyň Ministrler Kabineti 2024-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynyň jemlerini jemledi

  • 04.05.2024 18:04
  • 12k+

3-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, şeýle hem beýleki käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda degişli ýolbaşçylar garamagyndaky pudaklarda işleriň netijeleri barada hasabat berdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,7 göterime, ulag we aragatnaşykda 7,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8 göterime, söwdada 8,2 göterime, gurluşykda 5,8 göterime, oba hojalyk pudagynda bolsa 5 göterime deň boldy.

Ýurdumyzda iri senagat, durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy dowam edýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň maý aýynda ýurdumyzda köp sanly desgalaryň açylyş dabaralary, birnäçe halkara çäreler geçiriler diýip, döwlet Baştutany aýtdy. Şol dabaralaryň hatarynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat bar. Şunuň bilen baglylykda, bu çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek tabşyryldy.
Türkmenistanyň Prezidenti ýakyn wagtda okuwçylaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň we raýatlaryň zähmet rugsadynyň başlanýandygyny aýdyp, şunuň bilen baglylykda, ähli jogapkär ýolbaşçylara Awazadaky myhmanhanalary, dynç alyş-sagaldyş merkezlerini, beýleki şypahanalary, welaýatlardaky hem-de Aşgabat şäherindäki çagalar dynç alyş ýerlerini tomus möwsümine talabalaýyk taýýarlamagy tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.


şu gün 11:05
1.6k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

düýn 20:55
2.4k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

düýn 08:04
6.5k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......