Garagum derýasynda suwuň derejesini ölçemek we hasabyny ýöretmek üçin awtomatik ulgam işe girizildi

  • 03.05.2024 14:37
  • 20k+

2-nji maýda Aşgabat şäheriniň töwereginde Garagum derýasynyň suw mukdaryny hem-de derejelerini ölçemek üçin suwuň hasabyny ýöredýän täze awtomatlaşdyrylan ulgam dabaraly ýagdaýda ulanyşa girizildi. Ol Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Amerikanyň Halkara Ösüş Guramasy (USAID) tarapyndan işe girizildi.

Bu ulgam arkaly alynýan maglumatlar hakyky wagtda elýeterli bolup, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti tarapyndan oba hojalyk, agyz suw maksatlary hem-de senagat ähmiýetli zerurlyklar üçin suwuň has takyk bölünişigini meýilleşdirmäge mümkinçilik berer.
Ulgam “Bosfor” jemgyýetçilik guramasy we “Garagumderýasuwhojalyk” birleşigi tarapyndan ornaşdyryldy.
Suwuň hasabyny ýöretmegiň awtomatlaşdyrylan ulgamy Türkmenistanyň hökümet edara-guramalary üçin Garagum derýasynyň suw mukdarlary hem-de onuň ugrundaky suw alyjy sakalary barada möhüm maglumatlary ýygnamaga mümkinçilik berer, bu maglumatlar bilen işlemekligi aňsatlaşdyrmak üçin, olar programma üpjünçiliginiň kömegi bilen hasaba alnyp, ýazga geçiriler. Bu ulgam oba hojalyk işgärleri tarapyndan sarp edilýän suw serişdeleri barada içgin maglumat berip, oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasyllylygyny gazanmak üçin zerur bolan suw mukdarlarynyň hasabyny çykarmaga mümkinçilik döreder, beýleki suwdan peýdalanyjylar bolsa, has durnukly we netijeli suw üpjünçiligini gazanarlar.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......