Aýa we Marsa petekler: SpaceX kosmos uçuşlary üçin bronlary açdy

  • 02.05.2024 15:53
  • 9.6k+

SpaceX kosmos kompaniýasynyň resmi web sahypasynda Human Spaceflight atly täze bölüm açyldy. Onda ulanyjylar geljekdäki kosmos uçuşlary üçin ýerleri bron edip bilerler diýip, IXBT habar berýär.

Saýlamak üçin dört ugur bar: Ýeriň orbitasy, Halkara kosmos stansiýasy, Aý we Mars.
"Join A Mission" düwmesine bassaňyz, sahypa e-poçtaňyza ugrukdyrar, ýöne kompaniýa hatda nämäniň görkezilmelidigini entek takyk aýtmady. Megerem, ýaşyňyz, jynsyňyz, ýaşaýan ýeriňiz we mundan beýläk uçuş taýynlygy üçin SpaceX-e peýdaly boljak beýleki zatlar hakda zerur maglumatlary bermeli bolar.
Kosmosa syýahatyň bahalary we takyk senesi entek yglan edilmedi. Senesi diňe iki ugur boýunça belli - 2024-nji ýylyň ahyryndan başlap eýýäm orbita we HKS-a uçup bolar. Uçuşlar gaýtadan ulanylýan Dragon raketasynda amala aşyrylar.
Starship Aýa we Marsa uçuşlar üçin ulanylar.


25.06.2026 23:36
5.4k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......