Türkmenistan BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-njy mejlisine gatnaşdy

  • 30.04.2024 21:27
  • 5.1k+

29-30-njy aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki edara binasynda geçirilýän BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisine gatnaşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, agzalan mejlis «Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatynyň Hereketler maksatnamasy we onuň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibine goşýan goşandy» ady bilen geçirildi.
Geçirilen çäre bilen bir hatarda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň başlygynyň başlangyjy esasynda 29-njy aprelde Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatynyň (ICPD) 30 ýyllygyna bagyşlanan BMG-niň Baş Assambleýasynyň umumy mejlisi geçirildi. Çäräniň dowamynda ählumumy derejede ICPD + 30 Hereketler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde gazanylan netijeler gözden geçirildi we baha berildi.
Umumy mejlisiň dowamynda çykyş edip, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Ilat çygrynda ählumumy Hereketleriň maksatnamasynda beýan edilen maksatlary we wezipeleri durmuşa geçirmegiň milli tejribesi bilen tanyşdyrdy.
Şunuň bilen birlikde ilat pudagynda ýurduň milli tejribesi we gazanylan üstünlikleri bilen tanyşdyryldy hem-de sebit we ählumumy derejede agzalan ugurda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek babatynda birnäçe teklipler beýan edildi.
BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisiniň çäklerinde, 29-njy aprelde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «ICPD + 30 ýagdaýlaryny öňe sürmek: milli tejribe we öňe ilerletmegiň ýollary» atly ugurdaş çäre guraldy. Çäre ICPD-de kabul edilen borçnamalary ýerine ýetirmegiň ähmiýetini we howandarlyga mätäç çagalaryň abadançylygyny ýokarlandyrmakda milli tejribe alyşmagyň möhümdigini nygtamagy maksat edinýär.
Duşuşyga UNFPA-nyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebitleýin direktory Florens Bauer, ÝUNISEF-iň Çagalary goramak boýunça departamentiniň direktory Şima Sen Gupta, BMG-niň agza ýurtlarynyň Hemişelik wekilleri we bilermenleri gatnaşdylar.
Çäräniň barşynda çykyş etmek bilen türkmen wekiliýetiniň agzalary BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň yzygiderli üç möhletiniň agzasy bolmak bilen, Türkmenistanyň ICPD-niň Hereketleriniň maksatnamasyny milli derejede durmuşa geçirmekde, şeýle hem milli we sebit derejesinde gurnalýan taýýarlyk çärelerine işjeň gatnaşmakda uly öňegidişlik gazanandygyny bellediler.
Türkmen tarapynyň wekilleri, ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly halkara ülňülerine laýyk gelýän durmuş ähmiýetli desgalary gurmak boýunça ýurduň çäginde alnyp barylýan giň gerimli işler barada aýdyp geçdiler.
Çykyş edenler ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasaty nygtamak bilen, 2021-nji ýylyň mart aýynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ähmiýetine ünsi çekdiler.
Bellenilişi ýaly, gaznanyň işi köpgranly bolup çylşyrymly lukmançylyk operasiýalary maliýeleşdirmekden, hassahanalar üçin ýokary tehnologiýaly enjamlary satyn almakdan başlap çagalara dürli keseller we bejeriş - öňüni alyş çäreleri üçin anyklaýyş hem-de bejeriş amallaryny bermäge çenli dürli taraplary öz içine alýar
Mundan başga-da, soňky ýyllarda gazna birnäçe halkara ynsanperwerlik çärelerine gatnaşdy.
Türkmenistanyň 2024-2026-njy ýyllar üçin BMG-niň Çagalar Gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine saýlanylmagy, ýurdumyzyň çaganyň hukuklaryny öňe sürmekde we durmuşa geçirmekde gazanan üstünlikleriniň ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasy bolup durýandygy bellenildi.


düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.1k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
745

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......