Raşid Meredow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň dolandyryjy müdiri bilen duşuşdy

  • 25.04.2024 12:46
  • 2.3k+

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň dolandyryjy müdiri Mihael Harms bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşyk 24-nji aprelde Türkmenistanyň DIM-niň binasynda geçirildi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berdi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada durup geçip, söhbetdeşler üstünlikli ösdürilýän söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn gepleşikleriň ýokary derejesini alamatlandyrýandygyny kanagatlanma bilen nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň işine aýratyn ähmiýet berilýär.
Söhbetdeşler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň sentýabrynda Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmen-german işewürlik forumyna gatnaşmagynyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin täze kuwwatly itergi berendigini bellediler.
Ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda geçen ýylyň noýabr aýynda gol çekilen Türkmenistan bilen GFR-iň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2024-2025-nji ýyllar üçin Ýol kartasyny durmuşa geçirmegiň barşyna üns berildi.


düýn 20:55
2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

düýn 08:04
6.3k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......