Türkmenistanda immunizasiýa hepdeligi dowam edýär

  • 25.04.2024 11:49
  • 12k+

Köp ýurtlarda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitiniň teklibi boýunça her ýyl immunizasiýa hepdeligi geçirilýär. Onuň esasy maksady ene-atalaryň, hossarlaryň, saglygy goraýyş işgärleriniň, ýolbaşçylaryň arasynda immunizasiýanyň ähmiýeti barada wagyz-nesihat işleri arkaly öňüni alyş sanjymlarynyň gurşawyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şu ýyl Türkmenistanda immunizassiýa hepdeligi 21-27-nji aprel aralygynda meýilleşdirildi diýip, "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Hepdeligiň dowamynda ähli saglyk öýlerinde öňüni alyş sanjymlarynyň ähmiýeti we zerurlygy barada maslahat bermek üçin telefon arkaly «Gyzgyn aragatnaşyklar» ýola goýulýar. Maslahat beriş otaglary açylyp, sanjymlaryň ähmiýeti ilata düşündirilýär. Sanjymlardan ýüz dönderýän ene-atalar bilen aýratyn wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Şeýle-de degişli çäkde hasapda durmaýan we meýilnama boýunça sanjym almaýan çagalary ýüze çykarmak maksady bilen, ýazuw geçirilýär. Dürli sebäplere görä sanjym almadyklar ýüze çykarylan ýagdaýynda, olara degişli tertipde sanjym geçirilýär. Maşgala lukmanlarynyň, inçe ugurly saglygy goraýyş hünärmenleriniň arasynda immunizasiýa bilen bagly soraglar boýunça amaly-okuw maslahatlary guralýar. Hamyla zenanlar bilen sanjymlaryň ähmiýeti barada gürrüňdeşlik geçirilýär. Ýerlerdäki keseli bejeriş-öňüni alyş edaralarynda saglygy goraýyş hünärmenleriniň arasynda immunizasiýa sowallaryna degişli bäsleşikler guralýar. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde, lukmançylyk orta okuw mekdeplerinde talyplaryň we mugallymlaryň arasynda ýokanç keselleriň öňüni alyş çäreleri, immunizasiýa barada okuw maslahatlaryny, mekdeplerde «Saglyk» açyk sapaklaryny guramak meýilleşdirildi.


09.06.2026 23:14
5.8k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.1k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....