Ýapon alymlary bakteriýalaryň içini 30 esse aýdyň görmäge mümkinçilik berýän mikroskop döretdiler

  • 24.04.2024 18:24
  • 11k+

Tokio uniwersitetiniň hünärmenleri bakteriýalaryň içki gurluşlaryny görlüp-eşidilmedik aýdyňlyk bilen görmäge mümkinçilik berýän mikroskop döretdiler. Nature Photonics žurnalynda çap edilen makalada aýdylmagyna görä, täze enjamyň durulygy bar bolan mikroskoplardan 30 esse ýokarydyr.

Mikroskop orta infragyzyl diapazonda işleýär, adatça, bu şekiliň aýdyňlygyny üpjün etmeýär. Şeýle-de bolsa, alymlar bu meseläni dürli burçlardan alnan şekilleri birleşdirmäge mümkinçilik berýän sintetiki apertura usuly bilen çözdüler.
Gözlegçiler munuň netijesinde 120 nm giňişlik durulygyny almagyň hötdesinden geldiler, bu  0,12 mikrona barabardyr. Bu häzirki zamanyň iň gowy  mikroskoplaryndan 30 esse köpdür.
Bakteriýalaryň şekilleri görünýän ýagtylygy şöhlelendirýän we infragyzyl şöhläni geçirýän kremniý plastina ýerleşdirildi. Alymlaryň sözlerine görä, şeýle yşyklandyryş suratyň ýokary derejede dury görünmegini üpjün edýär.

“Bakteriýalaryň öýjükli gurluşlaryny şeýle bir takyk görüp bildik welin, biz muňa haýran galdyk. Mikroskopymyzyň ýokary giňişlik çözgüdi, meselem, global mesele bolan mikroblara garşy dermanlara durnuklylygy öwrenmäge mümkinçilik döredip biler "- diýip, döredijiler toparynyň ýolbaşçysy professor Takuro Ideguti belledi.

Alymlar bu ýetilen sepgit bilen kanagatlanmak islemeýärler, olar tehnologiýalaryny hasam kämilleşdirmegi meýilleşdirýärler.


şu gün 10:53
1k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....