Mary – Aşgabat awtomobil ýolunyň ugrunda kottejler toplumy açyldy

  • 17.04.2024 14:16
  • 37k+

17-nji aprelde Mary şäheriniň Mary – Aşgabat awtomobil ýolunyň ugrunda gurulýan kottejler toplumynyň I tapgyrynyň açylyş dabarasy boldy.

Şu gün ähli amatlyklar bilen üpjün edilen 2 gatly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň 59-sy ulanmaga berildi. Olaryň jemi 200 sanysyny gurmak meýilleşdirilýär diýip, TDH habar berýär.
Täze ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyny «Ojar Aziýa» hususy kärhanasy ýerine ýetirdi.
536 inedördül metr meýdany eýeleýän her bir kottej 8 sany giň otagdan, ýerzeminden we awtoulaglar üçin duralgadan ybaratdyr. Şeýle hem daşarky suw, tebigy gaz we elektrik geçiriji hem-de telekommunikasiýa ulgamlary çekilendir.


düýn 20:55
2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......