Britan arhiwinde ilkinji gezek X-XII asyrlarda türki diline terjime edilen Mukaddes Gurhan tapyldy

  • 21.03.2024 06:08
  • 12k+

Gazagystanly alymlar Angliýanyň Mançester şäherindäki Jon Raýlands kitaphanasynyň gaznalaryndan X-XII asyrlarda türki diline terjime edilen ilkinji Gurhany tapdylar diýip, MIR 24 habar berýär.

Bu gadymy golýazma türki-yslam medeniýeti üçin uly gymmatlykdyr. Alymlar munuň Ispijabda, takmynan, X-XII asyrlarda türki diline terjime edilen ilkinji Gurhan bolup biljekdigini çaklaýarlar. Hut şol wagtlar gadymy Garahanlylar taýpalary yslam dinini kabul edip başladylar.
Şeýle-de, alymlar Beýik Britaniýadan 15 sany gadymy golýazmanyň we 500 arhiw resminamasynyň nusgalaryny getirdiler. Bu tapyndylaryň ekspozisiýasy respublikanyň Milli golýazmalar we seýrek kitaplar merkezinde görkeziler.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....