Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

  • 19.03.2024 11:22
  • 14k+

18-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzyň Türkiýe Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow işewüriň bu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde we “Rönesans Holding” kompaniýasynyň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň ösüşiniň anyk ugurlaryny kesgitlemekde möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirdi.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň gurluşygynyň barşy bilen gyzyklandy we ýurdumyzda himiýa senagatyny ösdürmegiň, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde taslamalaryň durmuşa geçirilmegine türk işewürleriniň gatnaşyp biljekdigini aýtdy.
Türkiýäniň iri kompaniýasynyň ýolbaşçysy uly ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistanda giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagyň özleri üçin uly hormatdygyny nygtap, häzirki döwürde Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň gurluşygynyň güýçli depginde dowam edýändigini, onuň geljek okuw ýylynyň başynda — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ulanmaga beriljekdigini habar berdi.


düýn 19:38
3.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......