Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

  • 19.03.2024 11:15
  • 6.9k+

18-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Iş maslahatynyň barşynda welaýat häkimleri we wise-premýer ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, welaýatlarda gowaça ekişine başlamak üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallar, pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumlary möwsüme doly taýýar edildi. Diýarymyzda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek arkaly azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak hem-de bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Şu günler welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinleriň ekişi dowam edýär.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, oba hojalygynda jogapkärli möwsümiň — gowaça ekişiniň ýetip gelendigine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we Ahal, Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynda 20-nji martda, Daşoguz welaýatynda 27-nji martda başlanjak bu möwsümiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli zerur çäreleriň görülmegini tabşyrdy.
Iş maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar döwlet Baştutanyny Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen güni bilen hem-de ýetip gelýän Milli bahar baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.


düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......