Alymlar ölüm howpuny 40% azaltmak üçin günde näçe ädim ýöremelidigini anykladylar

  • 18.03.2024 23:54
  • 28k+

Awstraliýadaky Sidneý uniwersitetiniň alymlary gündelik ýöremekligiň ýürek-damar keselleri we beýleki sebäpler bilen bagly ömür tanapynyň wagtyndan öň üzülmek howpuny ep-esli azaldyp biljekdigini anykladylar diýip, NewScientist neşiriniň materialynda aýdylýar.

Geçirilen gözleg günde 9000 ädimden 10 000 ädime çenli ýöreýän adamlarda, 4000 ädimden az ýöreýänler bilen deňeşdirilende, ölmek howpunyň 39% pesdigini ýüze çykardy.
72 müň adamdan alnan maglumatlaryň seljermesi günde ädimleriň sanyny köpeltmegiň (hatda oturyp işlenilýän işlerde hem) ýürek-damar keselleriniň döremek howpuny 21%, wagtyndan öň ölmek howpuny 39% azaldýandygyny görkezdi.
Mundan başga-da, ädimleriň sany günde 2,2 müňden geçse hem ölüm howpy we ýürek-damar keselleriniň töwekgelçiligi peselýär.
Oňyn täsir eýýäm günde 4-4,5 müň ädim ýörelende hem äşgär bolýar.
Gözlegçiler oturyp işlenýän işleriň wagtyny azaltmaga synanyşmagyň hem möhümdigini aýdýarlar.
Sidneý uniwersitetiniň ilat saglygy ugry boýunça alymy Metýu Ahmadi: "Saglygy goraýyş ulgamynyň bu habary islendik fiziki işjeňligiň möhümdigi görkezýär we adamlar her gün ädimleriniň sanyny köpeltmek arkaly oturyp işlemekligiň  saglyga ýetirýän zyýanynyň öwezini dolup bilerler" – diýdi.


düýn 12:32
4.4k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.4k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......