Astronomlar 26000000000000000 sany Günüň toplumyny açdylar

  • 18.03.2024 14:24
  • 13k+

2024-nji ýylyň 17-nji martynda Tartu obserwatoriýasynyň (Estoniýa) astronomlarynyň ýolbaşçylygyndaky halkara alymlar topary Älemdäki galaktikalaryň üýşen iň uly toplumynyň tapylandygyny habar berdi. Ol Ýerden, takmynan, 3 milliard ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär  we onda 26 kwadrillion sany Gün bar diýip, phys.org salgylanýan  IXBT.com habar berýär.

Bu ägirt gurluş galaktikalaryň aşa köp toplanan ýerlerini öwrenmekde bahasyna ýetip bolmajak işleri bitiren 95 ýaşly estoniýaly astronom, professor Ýaan Eýnastonyň hormatyna “Eýnastonyň ägirt toplumy” diýlip atlandyryldy.
Ägirt toplum biziň Akmaýanyň ýoly galaktikamyzdan 2000 esse uludyr.
Umuman alanyňda, estoniýaly, hindistanly, ýaponiýaly, ispaniýaly we finlýandiýaly gözlegçiler 662 sany ägirt toplumy öwrendiler we adaty ägirt toplumlaryň Günüň massasyndan 6 million esse ýokarydygyny anykladylar. Olaryň ortaça ululygy 200 million ýagtylyk ýylyndan ybaratdyr.
Täze gözlegler bu gurluşlar baradaky düşünjämizi giňeldýär we olaryň emele gelşi baradaky soraglaryň jogabyny gözlemäge kömek edýär.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....