Gürlemek ukybyny ýitirenlere gürlemäge mümkinçilik berýän “plastyr” döredildi

  • 17.03.2024 14:15
  • 12k+

Los-Anjelesdäki (ABŞ) Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary gürlemek ukybyny ýitiren adamlara kömek etjek “akylly” plastyr döretdiler. Enjamyň işleýiş ýörelgesi we synaglaryň netijeleri Nature Communications žurnalynda beýan edilýär.

Plastyr boýna dakylýar we myşsalaryň hereketlerini sanamak bilen, olary elektrik signallaryna öwürýär, olar hem öz gezeginde çuňňur maşyn öwrenmek algoritmleriniň kömegi bilen sözleýşe öwrülýär.
Düýpli keseller sebäpli sözleýşini ýitiren adamlar, adatça, operasiýa edilýär (traheýa-gyzylödek şuntirlemesi), operasiýa wagtynda ses protezleri goýulýar. Beýleki ýagdaýlarda ýörite ses dörediji enjamlary ulanmak maslahat berilýär - şeýle ýagdaýlarda adam enjamy boýnuna -  çekgäniň ýa-da eňeginiň aşagyna dakýar, şonda enjam myşsalaryň hereketini sözleýişe öwürýär. Täze enjam bu meselä has amatly we täsirli çözgüt hödürleýär.
Enjam zarýad bermegi talap etmeýär, ýokary hilli ses çykarýar we suw geçirmeýär.
Sekiz meýletinçide geçirilen synag plastyryň 94,68% -de myşsanyň hereketini dogry tanandygyny görkezdi. Meýletinçiler synaglarda  “Salam, ýagdaýlaryňyz nähili?”, “Roždestwo baýramyňyz gutly bolsun”, “Saňa ynanamok” ýa-da “Men seni söýýärin” ýaly giňden ulanylýan sözleri daşyndan we pyşyrdap aýtdylar. Olar muny duran ýerinde, ýöräp barýarka we ylgaýarka aýtdylar.
Enjamyň agramy bary-ýogy ýedi gram, ol has çeýe bolup, myşsanyň hereketlerini gowy tanýar we 40 mikrosekuntda oňa seslenýär.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....