Wegan berhizi göwrelilik döwründe çaganyň agramyna çilim çekmegiň zyýanly täsiri bilen deň derejede täsir edýär

  • 17.03.2024 11:01
  • 8.5k+

Naked Science-iň berýän habaryna görä, Daniýada geçirilen synag göwrelilik döwründe wegan berhiziniň çaga düwünçegine ýaramaz täsir edip biljekdigini anyklady.

Acta Obstetricia Et Gynecologica Scandinavica” žurnalynda çap edilen gözlegiň netijesine görä, wegan berhizini tutýan eneleriň bäbekleriniň agramy kem (ortaça 240 gram) bolup, olar, köplenç, preeklampsiýadan ejir çekýärler. Wegan berhizli aýallarda göwrelilik 5,2 gün uzak dowam edýär we düwünçek has haýal ösýär.
Gözleg 1996-2002-nji ýyllar aralygynda 66 müňden gowrak göwreli aýal baradaky maglumatlara esaslandy. Gözlege gatnaşanlaryň 0,03%-i wegan berhizini tutýardy.
Alymlar olaryň kynçylygyny beloklaryň az kabul edilmegi bilen baglanyşdyrýarlar. Süýt, ýumurtga ýa-da balyk iýen göwreli aýallar hiç hili ýaramaz täsiri başdan geçirmediler.
Wegan berhiziniň täze doglan bäbekleriň agramyna täsiri çilim çekmegiň täsiri bilen deň görülýär. Şeýle-de bolsa, gözlege wegan berhizli aýallaryň az sanlysynyň gatnaşanlygy sebäpli, netijeler bu ýagdaýyň köpräk öwrenilmegini talap edýär.
Alymlar göwreli aýallary nutriýenler çäklendirilen iýmitleri saýlanda seresap bolmaga çagyrdylar. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak üçin ýokumly maddalaryň deňagramlylygyny saklamak möhümdir.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......