Ankarada Türkmenistanda geçen möhüm Hökümet mejlisleriniň jemleri maslahatlaşyldy

  • 15.03.2024 10:59
  • 4.5k+

14-nji martda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasynda ýakynda ýurdumyzda geçirilen möhüm Hökümet mejlisleriniň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasy habar berdi.

Bu çärä Türki Dünýäsiniň Ýaşlar gaznasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, talyp ýaşlar hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Tegelek stola gatnaşyjylar Türkmenistanyň ösüşi üçin öňde goýlan maksatlar bilen tanyşdyryldy.
Hususan-da, Türkmenistanyň ilçisi çärä gatnaşyjylary ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly kesgitlenilen möhüm wezipeler bilen giňişleýin tanyşdyrdy. Şeýle hem, ilçihananyň diplomatlary Türkmenistanyň hökümetiniň türkmen ýaşlary hakynda edilýän aladalar barada aýratyn belläp geçdiler.
Şeýle hem, tegelek stola gatnaşyjylar «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäginde 2024-nji ýylda ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň uzak möhletli wezipeleri bilen tanyşdylar.


düýn 19:38
3.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......