Tähranda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

  • 14.03.2024 22:14
  • 3.1k+

12-nji martda Tähranda Türkmenistanyň ilçihanasy Medeniýet institutynyň, Tähran Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň goldawy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Çärä eýran tarapyndan Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Medeniýet we Yslam gollanmasy ministrliginiň wekilleri; ylmy intelligensiýasynyň wekilleri, Eýranyň medeni sungat eserleri we ýadygärlikler birleşiginiň wise-prezidenti doktor Alireza Habibi, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwreniji doktor Nasser Koli Sarli (Harazmi uniwersiteti) gatnaşdy. Medeni çäräni gurnaýjylaryň adyndan EKO Medeniýet institutynyň prezidenti Saad Han we Türkmenistanyň Ilçihanasynyň birinji sekretary A.Baýramow gutlag sözleri bilen ýygnananlara ýüzlendi.
Türkmen tarapy özüniň ýüzlenmesinde türkmen tarapy çärä gatnaşyjylara Türkmenistan hökümetiniň türkmen ýazyjysynyň ölmez-ýitmez mirasyny öwrenmek we gorap saklamak boýunça netijeli ädimlerini, şol sanda Türkmenistanda şu ýylyň«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilendigi we şunuň bilen baglylykda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda beýik türkmen şahyrynyň hem-de akyldarynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan dürli medeni çäreleriň geçirilýändigini nygtap geçdiler.
Şonuň bilen bilelikde, medeni çäräniň dowamynda meşhur eýran alymlary türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularyny okadylar, şeýle hem XIX asyryň galam ussasynyň ýatdan çykmajak işi barada gürrüň berdiler.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......