Kameranyň kömegi bilen gumanoid robota hakyky wagtda telegözegçiligi alyp barmagyň ulgamy döredildi

  • 14.03.2024 07:42
  • 5.4k+

Karnegi-Mellon uniwersitetiniň (CMU) alymlary adaty RGB kamerasyny ulanyp, gumanoid robota hakyky wagtda telegözegçilik etmegiň ulgamyny hödürlediler.

“Adam-Humanoid” ulgamy operatoryň hereketlerini takyk tanamak we oňa öýkünmek üçin güýçlendiriji okuw algoritmlerini we adam hereketi baradaky maglumatlaryň giň toplumyny ulanýar. Bu adamyň roboty uzakdan dolandyryp biljekdigini, predmeti bir ýerden başga ýere goýmäk ýaly ýönekeý hereketlerden başlap, ýöremek ýa-da bokslaşmak ýaly çylşyrymly hereketlere çenli dürli wezipeleri ýerine ýetirip biljekdigini aňladýar.
Ulgam roboty wirtual gurşawda türgenleşdirmäge we goşmaça tälim almazdan, hakyky dünýä geçirmäge mümkinçilik berýän “simulýasiýa-maglumat” amalyny ulanýar.
Işläp düzüjiler bu gözlegiň robotlara telegözegçiligi alyp barmakda köp täze mümkinçilikleri açýandygyna, adamlar bilen robotlaryň arasyndaky gatnaşygy has içgin we dinamiki edýändigine ynanýarlar. Ulgamyň işleýşiniň wideosy görkezildi.
Bu tehnologiýa dürli ugurlarda ulanylyp biler.
Şuňa meňzeş ulgamlaryň üstünde beýleki gözleg toparlary hem işleýärler, ýöne CMU tarapyndan işlenip düzülen ulgam şu güne çenli iň ösen ulgamlardan biri hasaplanýar.
Bu tehnologiýanyň henizem ösdürilýändigini bellemelidiris.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....