Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň müftüsi, Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň ymamlary bilen duşuşdy

  • 12.03.2024 09:34
  • 19k+

11-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň müftüsi, Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň ymamlary bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Oraza aýynda agyz beklenýär, däp-dessurlara laýyklykda, şäherlerde hem-de obalarda agzaçar sadakalary berilýär, tarawa namazy okalýar, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşy, Watanymyzyň gülläp ösüşi, türkmenistanlylaryň agzybirligi we jebisligi barada doga-dilegler edilýär.
Şu ýyl hem mukaddes Oraza aýynyň Gadyr gijesinde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky täze metjitleriň gapylarynyň jemagata giňden açylmagy bu asylly ýörelgeleriň mynasyp dowam etdirilýändiginiň güwäsine öwrüler.
Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl Gündogaryň beýik filosofy we nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly, giňden bellenilýändigini, bu babatda çäreleriň dünýäniň dürli ýurtlarynda-da geçirilýändigini nygtady hem-de akyldaryň eserlerindäki öwüt-ündewleriň ýaşlary terbiýelemekde uly ähmiýete eýedigine ünsi çekdi.
Soňra Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen wekiliýet ýolbaşçylarynyň hem-de myhmanlaryň gatnaşmagynda agzaçar sadakasy berildi.
Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykyp, türki döwletleriň ählisinde, şol sanda türkmen topragynda parahatçylygyň we asudalygyň höküm sürmegini, halklaryň agzybirligini, ýurtlaryň abadançylygyny, berilýän sadakalaryň kabul bolmagyny Beýik Biribardan dileg edip, aýat-töwir okady. Soňra sadaka gatnaşyjylara nahar çekildi.


düýn 16:30
580

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
724

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.8k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......