«Türkmenistan» awiakompaniýasy Londonda gonýan howa menzilini üýtgetdi

  • 11.03.2024 23:16
  • 16k+

3-nji aprelden "Türkmenistan" awiakompaniýasy Aşgabat - London Gatwik ugra uçuşyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu gatnaw ozal bar bolan Londonyň Hitrou aeroportuna amala aşyrylýan uçuşlaryň ýerini çalşar.

"Boeing 777-200LR" kysymly ýolagçy uçary degişli ugur boýunça uçuşlary hepdede bir gezek amala aşyrar diýip, dünýädäki awiakompaniýalaryň uçuş tertibindäki üýtgeşmeler bilen habarly etmäge ýöriteleşen "AeroRoutes" kompaniýasy habar berýär.

  • T5423 ASB1200 – 1510LGW 77L 3
  • T5424 LGW1655 – 0300+1ASB 77L 3

Londonyň Gatwik howa menzili (LGW) Angliýanyň paýtagt sebitine hyzmat edýän alty sany esasy howa menzilleriniň biri, Hitroudan soň bolsa, ýurtdaky iň işjeň ikinji howa menzilidir. Londonyň merkezinden, takmynan, 45 km uzaklykda ýerleşýän bu howa menzili "British Airways" kompaniýasy üçin merkez bolup hyzmat edýär. Bu ýere "Emirates", "Turkish Airlines" we beýleki iri awiakompaniýalaryň uçarlary gonýar we bu ýerden uçýar.


25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......