Dünýägözel Gulmanowa “Awstriýa — Türkmenistan” parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

  • 08.03.2024 11:38
  • 7.8k+

7-nji martda Aşgabatda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Awstriýanyň Parlamentiniň agzasy, “Awstriýa — Türkmenistan” parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Ewa Ernst-Dziedziç bilen duşuşdy. Bu barada türkmen parlamentiniň Metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparynyň işini işjeňleşdirmek, degişli komitetleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek, wekiliýetleriň özara saparlaryny guramak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşler parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ähmiýete eýedigini, parlamentara dostluk toparynyň döredilmeginiň kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmaga ýardam berýändigini aýratyn bellediler. Türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.
Şeýle hem Mejlisde Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň agzalarynyň nobatdaky duşuşygy boldy. Duşuşykda kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak, daşky gurşawy goramakda täze çemeleşmeler, gender deňligini üpjün etmek, ýaşlaryň we zenan parlamentarileriň syýasy derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada durlup geçildi.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......